ýaş nesiller üçin nusgalyk

Makalalar
Ýaş nesiller üçin nusgalyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň at-abraýy barha belende galýar. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ählisi halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde durmuşyň ähli ugurlarynda — syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, umuman, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda beýik ösüşler gazanylýar. Bu gün mähriban halkymyz öz aýdyň ertirlerini, ýagty geljegini gurýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, geçmişine uly sarpa goýýan halkymyz täze taryhy döwrümizde ata-babalarymyzyň, pederlerimiziň, görnükli şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmekde, nesillerdir döwürleri baglanyşdyryp gelýän milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmakda, ýaşlarda milli buýsanç duýgusyny döretmekde dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Munuň özi Watanymyzyň, milletimiziň mizemez bitewüligini görkezýär. Atlary ebedileşdirilen beýik şahsyýetleriň halkymyza, mähriban Watanymyza bagyşlanan ömür ýollary ýaş nesiller üçin nusgalyk mekdepdir. Köpetdagyň eteginde bina bolýan Arkadag şäheri döwrümiziň beýikliginiň, halk üçin bitirilýän işleriň giň gerimlidiginiň aýdyň nusgasydyr.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Aman Çopanow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...