Türkmenistan — Hytaý: taryhy tejribeler täze mümkinçiliklere ýol açýar

Makalalar
Türkmenistan — Hytaý: taryhy tejribeler täze mümkinçiliklere ýol açýar
Ynsanlary ykballar, halklary taryh, döwletleri umumy maksatlar ýakynlaşdyrýar. Çeşmeleriň birleşmeginden derýalaryň emele gelşi ýaly, döwletleriň milli bähbitleri uzak möhletleýin maksatlar bilen utgaşyp, halkara ähmiýetli strategik başlangyçlary, netijeli çemeleşmeleri döredýär. Şunda hyzmatdaşlygyň bitewi binýadyny esaslandyryp, gatnaşyklary işjeň ilerletmek babatda tagalla etmek, ykdysady ösüş üçin täze garaýyşlary emele getirmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek möhüm syýasy talapdyr. Munuň üçin bolsa taryhy tejribeleri öwrenip, täze mümkinçilikleri açmak dünýä diplomatiýasynda iň bir netijeli usullaryň biri hasaplanýar. 18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň geçirilmegi hem hut şu maksatlardan gözbaş alýar. Bu halkara foruma türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşyp, çuňňur manyly çykyş etmegi biziň ýurdumyzyň dünýä gatnaşyklarynda jogapkärli, işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen iş duşuşyklary geçirildi. Daşary syýasy ugurda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlary boýunça geçirilen gepleşiklerde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, agzalan ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri hytaý tarapynyň wekilleri bilen guralan duşuşyklaryň esasyny düzdi.
Nygtalyşy ýaly, aýry-aýry ulgamlarda özara hereketleriň ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Iki dostlukly ýurt syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda we beýleki pudaklarda üstünlikli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplady. Bu bolsa bar bolan uly kuwwaty nazara almak arkaly türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda oňyn şertleri döredýär. Duşuşyklarda türkmen tarapynyň resmi wekilleri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berip, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologik ulgamlary, senagat guşaklyklaryny kemala getirjekdigine, halklaryň ýaşaýyş hem-de abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Maral Garlyýewa
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Uzak gündogar dilleri kafedrasynyň koreý dili mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...