Tebigat — ýaşaýyşyň özeni

Makalalar
Tebigat — ýaşaýyşyň özeni
Türkmen halky hemişe tebigat bilen ysnyşykda ýaşapdyr. Şonuň üçin hem parasatly pederlerimiz tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak medeniýetini «Ýagşydan bag galar», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bag eken baky ýalkanar», «Bag aýdypdyr: «Bak maňa, bakaýyn saňa», «Bag barsyz bolmaz, at — timarsyz», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bagym bar, barym bar» ýaly nakyllaryň, durmuş ýörelgeleriniň üsti bilen nesilleriň aňyna siňdirip gelipdir.
Rowaýatlarda Nuh pygamberiň uçuran guşunyň öz çüňkünde bir daragtyň ýaprajygyny getirip, ýaşaýşa gaýtadan umyt berendigi aýdylýar. Onuň mysalynda hem ynsan bilen tebigatyň arasyndaky mizemez baglanyşyk ýüze çykýar.
Baglaryň ynsan üçin ähmiýeti saglyk babatda hem uludyr. Olar sagdyn hem-de ýeňil dem almak üçin möhüm bolan kislorody bölüp çykarýar, dem alýan howamyzyň düzümindäki kömürturşy gazyny özüne siňdirýär. Ynsanyň kuwwaty, işjeňligi, güýji onuň dem alşy bilen gönüden-göni bagly bolup durýar, çünki dem alýan howasy näçe arassa we sagdyn bolsa, adam şonça-da özüni gowy duýýar. Hut şonuň üçin hem daşky gurşawyň abadanlygyny we arassalygyny üpjün etmekde ýaşyl baglary bahasyz gymmatlyk hasaplap bolar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Gurbangylyç Garaýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...