Taze yyl sacagy

Makalalar
Täze ýyl saçagy nähili bolmaly?!
2022-nji ýylyň tamamlanmagyna sanlyja gün galdy. Gündogar senenamasyna görä, geljek ýyl towşan ýyly hasaplanýar. Täze ýylyň baýramçylyk saçagy hem ýylyň nyşanyna — Täze ýyl senenamasyna laýyk gelmeli. Şol sebäpli-de, okyjylarymyz üçin baýramçylyk saçagyna goýulmaly tagamlaryň sanawyny taýýarladyk.
Täze ýyl desterhanyny owadan işdäaçarlar bilen adatdan daşary ajaýyp görnüşde bezemek möhümdir.
Bilşimiz ýaly, towşan gök önümdir miweler bilen iýmitlenýär. Et bişirmek isleseňiz, onuň ak reňkli görnüşlerini saýlaň. Meselem, towuk, balyk eti bolup biler.
Towşan käşir we kelemi has gowy görýär. Bu gök önümleri gaýnadyp ýa-da duzlap koreý tagamlarynyň taýýarlanyşy ýaly bişirip bilersiňiz. Işdäaçarlary taýýarlanyňyzda, gapdaly bilen ýaşyl otlardan peýdalanmagy hem ýadyňyzdan çykarmaň.
Işdäaçarlaryňyza kän maýonez goşmakdan gaça duruň. Oňa derek saglyk üçin peýdaly bolup biläýjek beýleki goşundylary ulanyň. Ýeňil tagamlar, çöpjagazly kanape, tartaletkalar baýramçylyk saçagyňyza owadanlyk berer.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn talyby Fahruddin Durdybaýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...