Taryhy ähmiýetli wakalar — ýaş nesilleriň parlak geljegi

Makalalar
Taryhy ähmiýetli wakalar — ýaş nesilleriň parlak geljegi
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň güýz paslynyň ilkinji güni şanly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan wakalara baý boldy. Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň birbada üçüsiniň — Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi ýaly döwrebap bilim ojaklary ýaşlara gujak açdy. Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň açylmagy, Diýarymyz boýunça jemi 13 sany çagalar bagynyň, 19 sany orta mekdebiň we okuw-terbiýeçilik toplumynyň ulanyşa berilmegi ähli ildeşlerimiziň, şol sanda bilim işgärleriniň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Bilimler baýramçylygy mynasybetli, Milli Liderimiziň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen ýaşlarynyň uly hem öňdebaryjy toparyny bir döwrä jem eýläp, ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada geçen umumy sapagynyň ruhy gymmatyny hiç bir baýlyk bilen ölçäp bolmaýar. Bu watançylyk sapagy täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipelere, amala aşyrylmaly beýik işlere ýene-de bir ýola türkmen ýaşlarynyň ünsüni çekmekde, olara bu şöhratly hem asylly menzillerde ýolgörkeziji maslahatlary ýetirmekde, zerur öwüt-ündewleri bermekde örän netijeli boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda mynasyp sowgada öwrüldi.
Aýnur Goçakowa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...