Sygyr suydi

Makalalar
Ýer ýüzüniň ilatynyň her gün 1,5 million litr, ýylda bolsa 580 million litr süýt sarp edýändikleri halkara bilermenleriň geçiren barlaglary netijesinde ýüze çykaryldy.
Düzümi boýunça sygyr süýdi saglyga has peýdalydyr. Onda ynsan bedenine zerur bolan aminokislotalar bilen üpjün edýän üç ýüz esse çylşyrymly belok kazein bar.
Suw süýdüň umumy düzüminiň 90 göterimini emele getirýär. Süýtde azyndan 80 witamin we mikroelement bar. Şonuň üçin türgenlere türgenleşikden soňra süýt içmek maslahat berilýär.
Finlýandiýa süýdüň iň köp sarp edilýän ýurdy hasaplanylýar.
Bir kilogram agramly tebigy ýag üçin 21 litr süýt gerek. Bir kilogram peýnir almak üçin bolsa, 10 litre golaý süýt gerek bolýar.
Süýt adamyň ömür dowamlylygyny artdyrýar. Ýüz ýaşan adamlaryň iýmitlenişiniň, esasan, süýtden, gök önümlerden we miwelerden ybaratdygyny aýdýarlar.
Aman Çopanow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...