Şahyrlaryň dilerinde ýol hakda

Makalalar
Şahyrlaryň dilerinde ýol hakda:
Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda çat açmaýan polat bol!
Kerim Gurbannepesow
***
Bir tarapym uzap ýatan demir ýol,
Gelin sypat gök gowaça bir ýanym.
Mämmet Seýidow
***
Päk ynsan bir taýa ätse gadamlar,
Onuň yzyn ýöredipdir adamlar.
Ýollar, uzyn ýollar, öwrümli ýollar,
Sizi şeýdip döredipdir adamlar!
Nazar Gullaýew.
***
Ýol ýola eltdi, ýol ile eltdi,
Birleşdirdi adam bilen adamy.
Ýoly ýola, ili ile gowşurmak,
Bu ýollaryň adaty.
Nobatguly Rejepow
***
Ýollaryň içiniň iň bir ýagşysy,
Hassa soralmaga barylýan ýoldur.
Toýly Öwezow/
Metbugat we internet materiallary esasynda taýýarlanyldy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ mugallym Nurgeldi Muhammedkulyýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...