Makalalar

Makalalar
Rowaçlyklara rowan halkara geçelgeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan sebit we sebitara ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň gerimini giňeltmekde özüniň tutýan ornuny barha pugtalandyrýar. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biridir. Dünýä ýüzünde Türkmenistan ulag diplomatiýasynda sebit boýunça iň ýokary işjeňlik görkezýän ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyz tarapyndan ulag ulgamynda ençeme oňyn teklipler öňe sürülýär we bu teklipler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Türkmenistanyň öňe süren teklipleri esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ulag ulgamynda ençeme Kararnamalar kabul edildi. Biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen hyzmatdaş döwletleriň bilelikde amala aşyrýan halkara taslamalarynyň ençemesine badalga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýakynda Täjigistan Respublikasynda geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamak hormatly Prezidentimiz tarapyndan edilen teklipleriň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň öz çykyşynda belleýşi ýaly, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, iri halkara ulag-üstaşyr we söwda geçelgeleriniň ugrunda ýerleşen döwletleriň hemişe ykdysady we medeni ösüş derejesi ýokary bolupdyr.
Aýlar Meñliýewa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...