Peydaly Maslahatlar

Makalalar
Her gün irden hökman ertirlik edinmeli. Onuň düzümi tagamly hem ýokumly — şüle, gök önümler, miweler, ýumurtga ýaly iýmitlerden bolmaly. Eger irden işdäňiz ýok bolsa, agşamyna azrak iýmäge endik etmeli.
Günde irden suw içmek peýdalydyr. Günüň dowamynda az-azdan suw içip durmaly. Bedendäki suw ýetmezçiligi aşa ýadawlygy döredýär. Günde iki litr arassa suw içmek maslahat berilýär.
Şol bir zat barada pikir edip oturmak hiç hili peýda bermeýär. Ýadan wagtyň dynç almaly. Onuň üçin asuda otagda gözleriňi ýumup, uludan dem almaly-da, birnäçe wagtlap hiç zat hakynda pikir etmän, ümsüm oturmaly. Uludan dem alyp, endamyňy gowşatmaly. Ünsüňi daşky dünýäden, oý-pikirlerden sowmaga çalyşmaly. Meditasiýa adama fiziki we emosional taýdan dynç almaga, gujur-gaýratyny dikeltmäge, energiýa almaga mümkinçilik berýär.
Dynç alyş wagtyny peýdaly we gyzykly geçirmeli. Kitap okamaly, dil öwrenmeli, küşt-şaşka oýnamaly, krossword çözmeli, dürli sport oýunlaryny: futbol, woleýbol, tennis, basketbol oýnamaly.
Ir bilen kofe içmeli däl. Irki uky bilen göreşip, biz ajy kofeden ýükümizi ýetirýäris. Gowusy, ajy kofäni kiçijik käsede günortanlyk nahardan soň içmeli. Bu bedene gowy täsir edýär.
Öz ýanyňdan aýdym aýtmak peýdalydyr. Alymlar gündelik aýdym aýtmagyň, aýratyn-da, irden ýuwnulýan mahaly aýdyma hiňlenmegiň gandaky endorfinleriň derejesini galdyrýandygyny, aşa ýadawlygy aýyrýandygyny aýdýarlar.
Hemişe dik ýöremäge endik etmeli. Göwräňi dik tutmaga çalyşmaly hem ýönekeýje maşklary yzygiderli ýerine ýetirmeli. Göni durup, eginleriňi gowşatmaly-da, eňegiňi döşüňe degirmeli. Birnäçe gezek baş atmaly.
Hemmelere günortanlyk arakesmede dynç almak üçin wagt tapmak maslahat berilýär. Gündiz az salym ýatmak örän peýdalydyr.
Oňurga köp agram düşýär. Şonuň üçin hem arkaňy, oňurga süňkleriňi türgenleşdirmäge üns bermeli. Suwda ýüzmek ýa-da ýüzýän ýaly hereket etmek oňurgany berkidýär, ýadawlygyňy aýyrýar.
Köp ýatmak hem ukyny doly almazlyk ýaly zyýanlydyr. Ukuda belli kadany saklamaga çalyşmaly. Gije-gündiziň dowamynda sekiz sagat uky ýeterlikdir.
Käbir hoşboý ysly zatlaryň (narpyzyň, zenjebiliň, rozmariniň) ysy şähdiňi açýar. Stoluň çekmesinde hoşboý ysly zatlaryň haýsy hem bolsa birini saklamak peýdalydyr.
Alymlar aram-aram işe gatnalýan ýoly üýtgetmegiň peýdalydygyny aýdýarlar. Şol bir gatnaýan ýoluňdan däl-de, aýlawly ýol bilen işe barmak şähdiňi açýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn talyby Muhammet Atakäýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...