Muny bilmek gyzykly

Makalalar
Günorta Afrikada ösýän käbir ýabany injirleriň köki 120 metre çenli çuňluga uzalyp gidýär. Munuň özi 30 gatly binanyň beýikligine barabardyr.
* * *
Bir daragt ýylyň dowamynda 120 kilogram kislorod öndürýär. Ol 3 adamdan ybarat maşgala bir ýylyň dowamynda ýeterlik bolýar.
* * *
Dünýädäki iň uly kaktus «saguaro» diýlip atlandyrylýar. Ol Meksikada we ABŞ-nyň Arizona ştatynda ösýär. Onuň beýikligi 15 metre, agramy 10 tonna ýetýär.
* * *
Maglumatlarda aýdylyşy ýaly, dünýäde kömelekleriň 2 milliona golaý görnüşi duş gelýär.
* * *
Arabidopsis kosmos giňişliginde güllän ilkinji ösümlikdir. Ol Russiýa Federasiýasynyň «Salýut-7» kosmiki bekedinde idedilip, şol ýerde hem gülläpdir.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Nazar Agamyradow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...