Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Makalalar
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
Döredijilik bäsleşigi
Häzirki döwürde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli hili ylmy hem medeni çäreleriň geçirilmegi dowam edýär. Hut şu nukdaý nazardan seredip, golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi “Edebiýat we sungat” gazeti bilen bilelikde döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bu bäsleşigiň yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen milli edebi mirasyny öwrenmekde giň ýollaryň açylýandygynyň ýene bi şanly subutnamasydyr.
Bäsleşige hödürlenjek eserlerde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmek maksat edildi. Şonuň netijesinde beýik akyldaryň öňe sürýän ynsanňerwer pikirleriniň dünýä jemgyýetçiliginde öz mynasyp ornuny gazanmagy babatda döredijilik işgärleriniň mynasyp goşandyny goşmagy göz öňünde tutulýar. Akyldaryň umumyadamzat bähbitli ajaýyp pikirleri durli görnüşli çeper we oublisistik eserlerde öz çeper baýanyny tapar. Bäsleşik täze gözlegler bilen döredýän döredijilik işgärlerini ýene täze gözleglere ruhlandyrýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Wepa Ezizow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...