Limonyň peýdaly taraplary

Makalalar
Näme üçin limon? Limonyň peýdaly taraplary
Limon adamyň ýokanç kesellere garşy göreşijilik ukybyny has-da berkidýär. Häzirki günlerde wiruslara we bakteriýalara garşy göreşmekde limon taýsyz serişdedir.
Limony ary balyna garyp iýmek üsgülewügiň bire-bir emidir.
Ol tiz garramagyň öňüni alýar.
Limonly çaý bedene goşmaça güýç berýär, ýadawlygy aýyrýar.
Ajöze içilen limonly suw bedeni arassalaýar, ondan toksinleri we zyýanly maddalary çykarýar. Ýöne bu babatda hökman maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň!
Limon ýokary gan basyşyny sazlaýar.
Böwrekde daşyň döremeginiň öňüni alýar.
Onuň şiresi bagryň işini güýçlendirýär.
Ol agramyň azalmagyna ýardam edýär. Içegäniň işini sazlaýar.
Limon şiresi goşulan mylaýym suw sary gaýnamany we ýürek bulanmasyny aýyrýar.
Humaý Hallyýewa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...