Hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

Makalalar
Hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy aýawly saklamak, gymmatlyklarymyzy sarpalamak we olary geljekki nesillerimize ýetirmek üçin asylly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda ÝUNESKO bilen ýurdumyzyň arasynda ýyllarboýy gazanylan asylly hyzmatdaşlyk esasynda hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine daýanmak arkaly, amal edilýän ägirt uly maksatnamalaýyn işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Bilşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda dünýä jemgyýetçiliginde giňden bellenilýän Şäherleriň bütindünýä gününde ýurdumyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi hemmämiziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Hakykatdan hem paýtagtymyz ykdysady taýdan ösen, medeni taýdan ýokary derejeli, gözel şäherleriň biridir. Bu habar paýtagtymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny ýene bir gezek äşgär etdi.
Taryh — syrly dünýä. Onuň sahypalarynda ata Watanymyz hakynda niçeme hakykata öwrülen hakydalar bar. Öz topragyň, öz Diýaryň hakyndaky gürrüňler, takyk maglumatlar her bir ynsan üçin çäksiz buýsançdyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň taryhynyň, arheologiýasynyň we etnologiýasynyň meselelerini täze esasda düýpli hem-de çuňňur öwrenmek maksady bilen köp işler amala aşyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky giň gerimli başlangyçlary häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilip, halkymyzyň baý medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge, gorap saklamaga we wagyz etmäge döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Gadymy ýadygärliklerimizde giňişleýin arheologik barlaglar geçirilip, taryhymyzyň heniz açylmadyk gatlaryny täze maglumatlar bilen doldurmak wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär.
Nurberdi Garasähedow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...