Makalalar

Makalalar
Guwandyryjy ütsünlikler gazanylýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysady ösüşe aýratyn üns berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan ösüşler ýurdumyzda durmuş abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär.
Milli ykdysadyýetimizde täze önümçilikleri ýola goýmak, düýpli maýa goýumlary çekmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak barada hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda aýratyn nygtap geçdi. Taryhy-syýasy ähmiýetli mejlisde Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Bu ugurlar ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny berkitmegiň baş şertidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 2023-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda maýa goýumlaryň umumy möçberinden 66,5 göterimi önümçilik ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Täze taryhy döwürde oba hojalyk pudagynda täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan önümçilikleri ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň önümçilik pudagyny ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň paýy hem uludyr. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde hem-de önümçilik kuwwatyny artdyrmakda täzeçe çemeleşmeleri, döwrebap strategiýalary amala aşyrmaga üns berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň düýp özeninde halkymyzyň abadan durmuşyna, ýaş nesillerimiziň bagtyýar geljegine gönükdirilen asylly wezipeler, belent maksatlar durandyr.
Selimmyrat Berdiýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...