Makalalar

Makalalar
Guwandyryjy üstünlikler
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda döwletimiz uly üstünliklere eýe bolup, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň belentliklerine, aýdyň ertirlerine sary barýar. Häzirki döwürde ata Watanymyz sebit we bütin dünýä döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekip, hoşniýetli, dostlukly gatnaşygy ýola goýýar.
Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti, bagtyýar durmuşymyzyň ygtybarly binýady bolup durýar. Ol döwletimiziň halkyň ýaşaýyş-durmuş, medeni meselelerini netijeli çözmegini, umumy döwlet, pudaklaýyn we sebitleýin ösüş maksatnamalaryny, bilelikdäki taslamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegini üpjün edýär. Parahatçylyga, dostluga, hyzmatdaşlyga esaslanan türkmen Bitaraplygy diňe bir ýurdumyzyň milli bähbitlerine däl, eýsem, halkara jemgyýetçiliginiň bähbitlerine, howpsuzlygyň global maksatlaryna, durnuklylyga, abadançylyga doly gabat gelýär. Ol Türkmenistana döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge, çuňlaşdyrmaga, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öz abraýyny ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Ata Watanymyza jemgyýetçilik gyzyklanmalarynyň uly bolmagy, ilkinji nobatda, dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmeklige uly üns berýänligi, alnyp barylýan daşary syýasat we global ähmiýetli öňe sürülýän teklipler bilen kesgitlenýär. Ýurdumyzyň halkara abraýynyň, ornunyň beýgelmegine, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halkymyzyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, ruhy baýlygy, baý tebigaty, önümçilik mümkinçilikleri, adalatly jemgyýeti, giň gerimli özgertmeler ýoly, aýgytly öňe barýan döwletiň ykdysadyýetiniň ýokary depginleri hem-de ösüşi oňaýly täsir edýär.
Dawut Aşirow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...