Gözelligiň mesgeni

Makalalar
Gözelligiň mesgeni
Arkadag şäheri — innowasion täzelikleriň şäheri. Şäherde elektrobuslaryň we elektromobilleriň hyzmatynyň ýola goýulmagy, elektron resminama dolanyşygy, «akylly» awtoduralga, «akylly» ýolyşyk, «akylly» wideogözegçilik ýaly döwrebap düşünjeleriň ulanylmagy bolsa örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Öz nobatynda agzalan işleriň durmuşa geçirilmegi Arkadag şäheriniň gurluşygynda ekologiýa howpsuzlygynyň talaplarynyň doly berjaý edilip, amatly gurşaw babatda howpsuz we kämil tehnologiýalaryň ulanylýandygyny görkezýär.
Täze şäher ýurdumyzyň özboluşly şähergurluşyk strategiýasynyň miwesidir. Milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösüşi, ýurdumyzyň ähli babatda ýetýän belent sepgitleriniň nyşany bolan we milliligi özünde jemleýän ajaýyp binalar hem-de desgalar onuň netijesidir. Olaryň ençemesine Watanyna we halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, ähli bilimini, tejribesini ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bagyşlan meşhur şahsyýetleriň atlary dakylyp, kanunçylyk esasynda berkidildi. Munuň özi türkmeniň milli ýol-ýörelgeleriniň häzirki wagtda hem üstünlikli dowam etdirilýändiginiň we amala aşyrylýan şähergurluşyk konsepsiýasy bilen utgaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.
Gojaman Köpetdagyň eteginde, gadymy mekanda döredilen Arkadag şäheri bu günki ýaşlaryň döredijilik başarnyklarynyň, aň-paýhas mümkinçilikleriniň, dolandyryş ukyplarynyň iş ýüzünde dabaralandyrylmagyna giň şertleri döretdi. Bagtyýar döwrümiziň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheri ýaşlaryň şäheridir. Çünki bu nurana şäher türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurluşygyna badalga berlip, hut Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik pikirleri hem-de gözegçiligi esasynda kemala geldi.
Akmuhammet Durdyýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...