Goşa baýram — goşa toý

Makalalar
Goşa baýram — goşa toý
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, sahawatly güýzüň ilkinji gününde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze, 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli eziz Diýarymyzda döwrebap bilim ojaklary gapylaryny giňden açdy, täze bilim edaralarynyň düýbi tutuldy. Ata Watanymyzyň golaýlaşyp gelýän mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna ajaýyp sowgat hökmünde Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim edaralarynyň, paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi, şeýle hem ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň binalar toplumlarynyň düýbüniň tutulmagy unudylmajak şanly wakalar boldy. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada umumy sapak geçmegi diňe bir bagtyýar ýaşlaryň däl, eýsem, tutuş halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşdy.
Günsaýyn özgerýän berkarar döwletimizde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze nesli kemala getirmek her bir maşgalanyň öňünde durýan aýdyň hem belent wezipedir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde röwşen ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklary, olaryň halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren kämil ruhy-ahlak gymmatlyklaryna laýyklykda terbiýelenmekleri, sagdyn ösüp-ulalmaklary üçin ähli şertler döredilýär
Wladimir Annadurdyýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...