Gok cay

Makalalar
Gök çaý adam bedeniniň ähli ulgamlaryna we beden agzalaryna oňaýly täsir edýär. Ol immun ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, aşa semizlik bilen göreşmäge kömek edýär, ýürek-damar, böwrek keselleriniň öňüni alýar.
* * *
Gök çaý beýni damarlarynyň gysylmagyny aradan aýyrýar, nerw dartgynlylygyny gowşatmaga ýardam edýär.
* * *
Süýtli gara çaýa azrak gara burç bilen bal garyp içseňiz, ol dümewden açylmagyňyza kömek eder.
* * *
Demini alan sowuk çaý bilen ýüzüňizi ýuwsaňyz, ýüzüňiz nurlanar.
* * *
Gury çaýy mazaly owradyp, ezip, ony ýanan ýeriňize ýapsaňyz, ýarany tiz bitirýär.
* * *
Ulag çaýkanda ýa-da başga bir zat sebäp bolup ýürek bulananda gury çaý çeýnelse, haýry deger.
* * *
Mylaýym çaýa öllenen pamygy gabaklaryňyza goýsaňyz, wagtyndan öň ýygyrt atmagynyň öňüni alar.
* * *
Ajy çaý bitmeýän ýaralara oňat täsir edýär. Munuň üçin arassa hasany ýyly çaýa ölläp, ýara ýapmaly.
* * *
Ajy çaýyň yzygiderli içilmegi aşgazandaky we on iki barmak içegedäki ýaralaryň bitmegine hem kömek edýär.
* * *
Unutmaň! Dermanlary diňe suw bilen içmelidir. Çünki derman çaý bilen içilende, ol eremeýän birleşmeleri emele getirýär-de, aşgazanda çöküp galýar.
* * *
Aşhanadaky iýmit saklanylýan tekjelere kofe dänelerini goýsaňyz, ýakymsyz yslar bolmaz.
* * *
Syrçaly gap-gaçlary naşatyr spirti goşulan sabynly suwa ýuwsaňyz, olar gowy arassalanar.
* * *
Süýt gaýnadylanda ýanmaz ýaly, oňa bir bölejik gant atyň.
* * *
Şetdalynyň gabygyny ýeňil aýyrmak üçin, ony gaýnap duran suwa batyrmaly.
* * *
Limon suwy siňdirilen et yssy günlerde-de täzeligini ýitirmez.
* * *
Kömelekler arassalananda garalmaz ýaly, olary az-owlak sirke garylan sowuk suwly pitide saklamaly.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Oraz Aganazarow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...