Cepercilik sergisi

Cepercilik sergisi
Makalalar
21.12.2022, 14:54
496
0
Gyş paslynyň ilkinji gününde, ýagny 1-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli açylan «Halkyň Arkadagly zamanasynyň gujurly ýaşlary» atly sergi öz işine başlap, häzirki wagtda hem dowam edýär. Onda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan zehinli talyp ýaşlaryň we uçurymlaryň nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, halyçylyk, gobelen, zergärçilik, külalçylyk we sungaty öwreniş işleri giňden açylyp görkezilýär.

​ Döwrümiziň bagtyýar zenanlarynyň özboluşly ruhy dünýäsi talyplaryň we ýaş uçurymlaryň nakgaşlyk eserlerinde, esasan-da Ogulnabat Akmuhammedowanyň «Ene mähri», Dünýä Pirmämmedowanyň «Ýörjen-ýörjen» atly nakgaşlyk eserlerinde şöhlelendirilýär. Ýaş heýkeltaraşlar Dawut Abasowyň «Ýeňiji», Muhammetmyrat Muhadowyň «Ýaýçy gyz» atly heýkellerinde 2022-nji ýylda sportuň ýaýdan nyşana ok atmak görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatynda ikinji ýeri eýelän hem-de daşary ýurtda geçirilen ýaryşda baýrakly orna mynasyp bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik kafedrasynyň talyby Kowsär Abbasowanyň portreti suratlandyrylýar. Sergide şeýle-de zenan şaý-sepleri görkezilip, olarda milli zergärçilik sungatymyzyň gadymdan gelýän nusgalarynyň aýratynlyklary giň beýanyny tapýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Döwletmyrat Kowusow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2101
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1421
0