Bagy-bossan

Makalalar
Bagy-bossan Diýarym
Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda öňe sürýän başlangyçlary, teklipleri diňe bir öz sebitimiz üçin däl, eýsem, dünýä ýurtlary üçin hem ähmiýetli bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ekologiýa ulgamyny ösdürmek, daşky gurşawy aýawly gorap saklamak boýunça ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Derde derman bolan howanyň arassalygyny mundan beýläk-de gorap saklamakda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde zerur işler üstünlikli alnyp barylýar, köpçülikleýin bag ekmek dabaralary geçirilýär.
Gözel tebigatymyzyň ösümlik hem haýwanat dünýäsini aýawly gorap saklamakda hem-de tebigy ýadygärlikleri asyl görnüşinde miras galdyrmakda ata-babalarymyz hem uly aladalary edipdirler. Gözel tebigatyň adamzada eçilen baýlyklary bolan suwdan, howadan, ýerasty-ýerüsti gymmatlyklardan ýerlikli peýdalanmak, olaryň ähmiýeti dogrusynda bilmek zerur bolup durýar. Hut bu babatda Arkadagly Serdarymyz görelde görkezýär. Şeýle göreldä eýerip, ýaş nesiller hem ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramakda, baýlyklaryna eýeçilik gözi bilen seretmekde öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ekologik tebigy şertleriň gowulanmagy döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygynyň has hem berkemegine sebäp bolup durýar. Bagtyýar, abadan, asuda şertlerde ýaşamagymyz üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Meýlis Howmeýew
Türkmenistanyñ inzener tehniki we ulag kommunikasiyalar institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...