Bagtdan bina edilýän şäher

Makalalar
Bagtdan bina edilýän şäher
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde, belent maksatlary özünde jemleýän giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ähli ugurlar boýunça ýokary, halkara görkezijilere doly laýyk gelýän Arkadag şäheriniň binagärlik babatdaky ösüşi mähriban Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň golaýda Arkadag şäherine amala aşyran iş sapary hem ýokardaky aýdanlarymyzy aýdyň subut edýär.
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilendigini, bu ýerleriň howa gurşawynyň ýakymlydygyny belläp, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň ýerli, tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulyp gurulmalydygyny, şäheriň ekologik derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary, dünýäniň ösen tejribesi işjeň ulanylmalydyr.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň hatarynda täze şäheriň “Saglyk” seýilgähi, Arkadag şäheriniň Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasy, muzeý binasy, saglyk öýi, Awtotoplum we bellige alyş nokady, demir ýol menzili, Ýangyna garşy göreş gullugynyň binasy, söwda we hyzmat ediş toplumy, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary we beýlekiler bar. Şunda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegi, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagy möhüm talap bolup durýar. Munuň özi täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň talabalaýyk bolmagynyň wajyp şertini emele getirýär.
Aşhyrmämmet Guwanjow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...