Bag — durmuşyň bezegi

Makalalar
Bag — durmuşyň bezegi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy maddalary tygşytly ulanmak, suw serişdesini rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, şahsyýetiň aň-düşünjesini we ekologiýa medeniýetini kämilleşdirme meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Häzirki wagtda ekologiýa meseleleri global häsiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginden täze innowasion dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi talap edýär, sebäbi bu gün tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna adamzadyň ýaşaýyş-durmuşy, ösüşi, geljegi, ekologiýa gönüden-göni bagly bolup durýar.
Asylly däbe görä, ertir Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 4-nji noýabrynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Bu çäräniň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekiler. Munuň özi ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň, şeýle hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Mälim bolşy ýaly, adamyň ýaşaýşa ukyplylygy tebigat bilen aýrylmaz baglydyr. Alymlar we hünärmenler ekologik medeniýetlilik esasynda ekologik kynçylyklaryň we çökgünlikleriň öňüni almagyň mümkindigi baradaky pikirlere uly ähmiýet berýärler. Bu pikir tebigatyň we adamyň bilelikde sazlaşykda ýaşamaklaryndan we tebigata diňe bir maddy gymmatlyk däl-de, eýsem, ruhy gymmatlyk hökmünde hem garamagyň zerurlygyndan ybaratdyr. Ekologik medeniýetlilik bolsa bu — ynsanyň ýaşaýyş-durmuşynyň daşky gurşaw bilen galtaşmasynyň tutuş toplumydyr. Eziz Diýarymyzda daşky gurşawy abat saklamak, tebigy serişdeleriň adamzat üçin netijeli peýdalanylmagyny gazanmak babatda döwlet derejesinde birnäçe çäreler amala aşyrylýar. Daşky gurşawy gowulandyrmak üçin köpçülikleýin bag ekmek, arassaçylyk işlerini geçirmek çäreleri adamlaryň tebigata bolan garaýşynyň oňyn tarapa üýtgemegine täsir edýär.
Söhbet Mämmedow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...