Aşgabat «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Merkezi Aziýada ilkinji şäher boldy.

Makalalar
Aşgabat «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Merkezi Aziýada ilkinji şäher boldy.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Alym Arkadagymyzyň paýhasyndan paýtagtymyz Aşgabatda bina edilen ençeme taslamalar gaýtalap bolmajak täsinligi bilen dünýäni haýrana galdyrýandygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Öz gezeginde, täsinlik hökmünde hasaba alnan bu taslamalar milli gymmatlyklarymyzy, täze gurulýan binalarymyzyň özboluşlylygyny, şäher gurluşygynda gazanan üstünliklerimizi jahana ýaýýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri — Watanymyzyň ýüregi. Ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny, at-abraýyny görkezýän parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň merkezi. Paýtagtymyz dünýäniň ykdysady taýdan ösen, medeni taýdan ýokary derejeli, iň gözel şäherleriniň biri.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Permany bilen Aşgabat şäheriniň gününiň döredilmegi, 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleri, döwletimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny dünýä ýaýmakda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň öňbaşçy bolmagy üçin şertleri döretdi.
Munuň özi Watanymyzyň ýüregi paýtagtymyz Aşgabadyň durmuş-ykdysady, tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, ylym-bilimiň hem-de medeni ösüşleriň ojagy hökmünde dünýäde öňdebaryjy we ösen şäherleri gurmagyň hem kämil nusgasy boldy.
Mekan Çerriýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...