«Aşgabat» «Dizaýn» ugry boýunça halkara sanawa girizildi

Makalalar
«Aşgabat» «Dizaýn» ugry boýunça
halkara sanawa girizildi
Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan okgunly syýasatynyň netijesinde ak mermer Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherleriniň hataryna goşmak baradaky Peder ýörelgeleri ygtybarly ösdürilýär. Muňa, Aşgabady ÝUNESKO-nyň şäherleriniň döredijilik toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizilmegi hem şaýatlyk edýär.
«Aşgabat» sözüniň gadymy patyşalaryň biriniň adyndan gelip çykýan «aşk» we «abad» (gülleýän ýer, ýurt) sözlerinden emele gelendigi, «Aşgabat» sözündäki «Aş» bölegiň grekleriň hasylyň we bolçulygyň hudaýy bolan Ashartanyň adynyň gysgalan görnüşidigi, «Aşgabat» sözüne «Söýginiň, salkynlygyň, bolçulygyň şäheri» diýip düşündiriş berýändigi baradaky pikirleri beýan edilýär. Şeýle hem sözlükde bu sözi «yşkyň şäheri», «söýginiň şäheri» diýip düşündirýän ýazyjy-şahyrlaryň hem bardygy aýdylýar. «Aşgabat» sözüniň söz köki hem taryhy maglumatlardyr lingwistik we arheologik nukdaýnazarlaryň biri-biriniň üstüni ýetirýändigi şübhesizdir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda gözel paýtagtymyz Aşgabadyň syýasy, ykdysady we medeni merkez hökmündaki orny gitdigiçe giňeýär we berkeýär. Ylaýta-da, soňky ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz aladalary, döredijilik zehini, binagärlik paýhasy bilen Aşgabadyň şähergurluşyk pudagy görlüp-eşidilmedik derejelere ýetdi. Ak mermer bilen örtülen ýüzlerçe kaşaň-kaşaň ymaratlar tapgyr-tapgyr bina edildi we paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Leýli Döwletowa
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Koreý dili hünäriniň 1-nji ýyl talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...