Ähli döwürleriň akyldary

Makalalar
Ähli döwürleriň akyldary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň edebiýatynda öçmejek yz galdyran beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toý dabarasyny döwlet we halkara derejede bellemek işleri giňden alnyp barylýar. Bu şanly senäniň ÝUNESKO-nyň 2024-2025-nji ýyllardaky şanly seneleriniň sanawyna, şeýle-de «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi şahyryň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetlidigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň şanly senäni dabaraly bellemek boýunça degişli Karara gol çekendigi hem-de geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyny tassyklandygy biziň üçin begençli pursat boldy.
Häzirki döwre çenli Magtymguly Pyragynyň goşgulary dürli dillere terjime edilip, dünýä jemgyýetçiligine ýaýradyldy. Şahyryň eserleri rus, gazak, azerbaýjan, özbek, iňlis, ispan, türk, portugal, belarus, tatar, gyrgyz ýaly ençeme dillerde çap edilýär. Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýarlar.
Magtymguly atamyzyň goşgularyndaky sözler il-halk arasynda nakyllara öwrülipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda:
Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy —
diýlip bellenilýär.
Orazgeldi Ilýasow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...